Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşaryk çykarylýan pullar


Aşgabtda daşary ýurt firmalary tarapyndan gurlan binalar
Aşgabtda daşary ýurt firmalary tarapyndan gurlan binalar
Golaýda Türkiýäniň ykdysadyýet ministri türk firmalarynyň soňky 11 aýda Türkmenistan bilen 10 milliard dollardan gowrak serişdä durýan iş şertnamalaryny baglaşandygyny aýtdy.

Şonuň bilen birlikde, bu habardan Aşgabatda döwrebaplaşdyryljak 12 köçäniň, 60 km çemesi uzynlykdaky ýoluň gurluşygynyň bir milliard dollar çemesi bahasynyň bardygy belli boldy.

Bu habarlar Azatlyk Radiosynyň diňleýjileriniň, Azathabar.som saýtynyň okyjylarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Olaryň käbiriniň pikirine görä, munça serişdäniň gysga wagtda ýurtdan daşyna çykarylmagy Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerine ters gelýär.

Käbirleri bu ýagdaýy türkmenistanlylaryň iş ýerleriniň başgalara berilmegi hökmünde suratlandyrsa, başgalar türkmen işçileriniň entek tejribesiniň pesdigini, olara jogapkärçlilikli işleri ynanmagyň dogry bolmajagyny ýatlatdy.

Ikinji tarapdan, prezident G.Berdimuhamedow hem golaýda ýurduň maliýe, bank pudagyndaky işleriň gidişinden nägilelik bildirdi. Ol türkmen banklaryny ýerli proektleri ýeterlik maliýeleşdirip bilmezlikde tankytlady.

Emma türkmen režiminiň tankytçylary prezidentiň ýurtda uly gurluşyk çykdajylary zerarly dörän ýagdaýy golasty işgärleriniň üstüne atmaga synanýandygyny aýdýarlar.
Eýsem, daşary ýurtly firmalar bilen baglaşylýan şertnamalar, daşaryk gidýän pullar türkmen ykdysadyýetine, ýönekeý adamlaryň durmuşyna nähili täsir ýetirýär? Bu ýagdaý kimler üçin peýdaly, kimler üçin zyýan?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Pikirleriňizi, teklipleriňizi paýlaşsaňyz, söhbete goşulsaňyz, diňe hoşal bolarys.
XS
SM
MD
LG