Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: PA delegasiýasy Aşgabada geldi


ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň emblemasy
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň emblemasy
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň gözegçileriniň delegasiýasy Türkmenistanyň 15-nji dekabrda boljak parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda ýurda bardy.

Parlament Assambleýasynyň prezidenti Ranko Kriwokapiç irlandiýaly senator James Walşyň ýolbaşçylygynda baş parlament agzalaryndan ybarat saýlawlara baha beriji toparyň düzümini kesgitledi. Şeýle-de bu delegasiýa Horwatiýanyň, Italiýanyň, Latwiýanyň, Portugaliýanyň, Şwesiýanyň, Şweýsariýanyň we Orsýetiň parlament wekilleri girýärler.

Ýewropa Bileleşiginiň Parlament agzalary Saýlawlar hem referendumlar boýunça merkezi komissiýadan we saýlaw bäsdeşligine gatnaşýan syýasy partiýalardan maglumat almagy planlaşdyrylýar. Şeýle-de delegasiýa Daşary işler ministrliginiň wekilleri we möhleti dolup, wezipesinden çekilýän parlament agzalary bilen duşuşyklary geçirmegi planlaşdyrylýar.

15-nji dekabrda delegasiýa saýlaw nokatlaryna sapar eder we saýlaw prosesine baha berer.

“ÝHHG-niň Türkmenistana saýlawlar bilen bagly saparlarynyň taryhy uly däl. Şu ýyl ilkinji gezek Parlament Assambleýasy saýlawlara gözegçilik etmek barada açyk çakylyk aldy” diýip, James Walş aýtdy.

“Biz muňa Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmanyň alamaty hökmünde garaýarys we bu mümkinçiligi makullaýarys. Biz munuň geljekde dowam etdirilmegine bil baglaýarys” diýip Walş gürrüň berdi.

James Walş delegasiýanyň bahalaryny ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 13-nji fewralda Wenada geçiriljek gyşky maslahatynda mälim eder.

Parlament Assambleýasynyň delegasiýasy öz işlerini ÝHHG-niň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň Türkmenistanda saýlawlara baha beriji missiýasy bilen sazlaşdyrar. Bu topar öz hasabatyny saýlawlardan çak bilen iki aýdan soň ýaýradar.
XS
SM
MD
LG