Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa: Erkin gatnaw maslahat edildi


Ýaponiýa we Günorta-gündogar Aziýanyň 10 ýurdy uçar we gämi gatnawynyň erkinliligine kepil geçmek boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşyga geldiler.

Bu karara Ýaponiýanyň premýer-ministriniň we Günorta-gündogar Aziýanyň döwletleriniň bileleşiginiň liderleriniň arasynda şenbe güni bolan sammitiň netijesinde gelindi. Geçen aýda Pekin Gündogar-Hytaý deňzinde howadan garanyş giňişligini döredýändigini yglan etdi. Bu regiona Ýaponiýa hem dalaş edýär. Hytaýyň bu karary regionda dartgynlylygy güýçlendirdi.

Anna güni ABŞ-nyň harby deňiz güýçleri ýakynda öz gämisiniň Günorta-Hytaý deňziniň gämi gatnawy üçin erkin halkara giňişliginde Hytaýyň söweş gämisi bilen tasdan çaknyşandygy barada habar berdi. Bu waka 5-nji dekabrda bolupdyr.

Şenbe güni irden Tokio Günorta-gündogar Aziýanyň döwletleriniň bileleşigine girýän döwletlere 20 milliard dollar mukdarda kömek we karz puluny teklip etdi. Munuň Hytaýyň öz täsirini ýaýbaňlandyrmak hereketlerine garşy durmak ugrundaky tagallalaryň çäginde amala aşyrylýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG