Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran maýmyny kosmosa uçurdy


Eýran maýmynyň kosmosa uçurylyşynyň ikinji gezek üstünlikli bolandygyny yglan etdi.

Prezident Hassan Rohaniniň resmi websaýtynda habar berilişine görä, maýmyn ýeriň orbitasyna “Pajoheş” atly raketada uçurylypdyr. Bu sapar suwuk ýangyç ulanylypdyr. Maglumatda Fargam atly maýmynyň ýere diri dolanyp gelendigi barada habar berilýär. Emma bu synagyň haçan bolandygy barada habar berilmedi.

Tähran barlap bolmaýan tehnologik açyşlary barada yzygiderli yglan edýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Eýran orbita maýmyny uçuryp onuň diri gaýdyp gelendigini yglan edipdi. Emma bu synagyň üstünlikli bolandygyna şübhe bildirilipdi, sebäbi metbugatda eksperiment bilen baglylykda dürli maýmynlaryň suratlary peýda bolupdy.

Günbatar döwletleri Eýranyň tehnologiýa taýdan gazanýan ösüşlerini uzak distansiýalara niýetlenen raketalary döretmek üçin ulanyp bilmegine aladalanma bildirýärler.
XS
SM
MD
LG