Sepleriň elýeterliligi

Karzaý: ABŞ bilen şertnama seretmeli


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ABŞ-nyň ikitaraplaýyn Howpsuzlyk şertnamasy barada öz pozisiýasyna gaýtadan garamagyna umyt baglady.

Şenbe güni Nýu Delide žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Karzaý 2014-nji ýylda halkara goşunlary Owganystandan çykarylandan soň ABŞ-nyň harbylarynyň ýurtda galmagyny kesgitleýän ikitaraplaýyn bu ylalaşygyň ýurda parahatçylygy hem howpsuzlygy getirjegine güwä geçilmegini isleýändigini aýtdy.

Karzaý ABŞ-nyň öňüne şert goýulmagynyň “agyr netijeleri” berip biljegine özüniň göz ýetirýändigini belledi. “Owgan halkynyň resurslary az. Polisiýamyz we harbylarymyz ejir çekerler”, diýip Hamid Karzaý aýtdy.

Karzaý ABŞ bilen Howpsuzlyk şertnamasyna 2014-nji ýylyň aprel aýynda boljak prezidentlik saýlawlaryndan soň gol çekjegini aýtdy. ABŞ Owganystan bilen ylalaşyga derhal gol çekilmegini isleýär.
XS
SM
MD
LG