Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Saýlawlara taýýarlyk yglan edildi


Türkmenistanyň Saýlawlary we referendumlary geçirmek boýunça merkezi komissiýasy 15-nji dekabrda boljak parlament saýlawlaryna taýýarlyklaryň ýurduň Saýlaw kodeksine we halkara normalaryna laýyklykda amala aşyrylandygyny yglan etdi.

Resmi maglumata görä, ýekşenbe günki ses berişlik jemi 2446 saýlaw nokadynda ir sagat ýediden agşam sagat ýedä çenli geçiriler. 33 sany saýlaw nokady Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda ýerleşýär. 125 orunlyk Mejlise 283 kandidat dalaş edýär.

Türkmenistanyň parlament saýlawlaryna GDA guramasynyň gözegçileri bilen bilelikde şu gezek ÝHHG-niň Demokratik institutlary hem adam hukuklary boýunça edarasynyň missiýasy we ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň delegasiýasy gözegçilik ederler.
XS
SM
MD
LG