Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümeti goldaýanlar Kiýewde jemlendiler


AÝ/AR-nyň Ukrain gullugynyň habar bermegine görä, prezident Wiktor Ýanukowiçiň ençeme müň tarapdary Kiýewiň merkezinde jemlendi. Ýewropa meýdançasynda polisiýanyň gözegçiliginde geçirilýän bu aksiýada ýurduň premýer-ministri Mykola Azarow çykyş etdi. Bu demonstrasiýa döwlet telewideniýesinde göni efirde görkezilýär.

Ukrain hökümetine goldaw bildirýän bu aksiýa müňlerçe oppozision protestçiniň jemlenen ýeri Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynyň golaýynda geçirilýär.

Kiýewiň polisiýasy gapma-garşylykly toparlary bir-birinden aýra saklajakdygyny aýtdy.

Günüň dowamynda prezident Ýanukowiçiň ýokary derejeli iki döwlet resmisini işden boşadandygy barada habar berildi. Kiýewiň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Oleksandr Popow we Milli howpsuzlyk hem goranmak geňeşiniň başlygynyň orunbasary Wolodymyr Siwkowyç 30-njy noýabrda polisiýanyň protestçiler bilen çaknyşygy sebäpli wezipelerinden mahrum edildiler.

Prezident Ýanukowiçiň geçen aýda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrmagy Ukrainada köpçülikleýin protestleri döredipdi.

Anna güni Ýanukowiç oppozisiýa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ýurtda emele gelen krizisden çykalganyň tapylandygy barada habar berilmedi. Prezident hökümeti dargatmak we täze saýlawlary geçirmek barada oppozisiýanyň öňe süren talaplaryny ret etdi.
XS
SM
MD
LG