Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Gaz pudagynyň 18 işgäri wepat boldy


Yragyň resmileriniň aýtmagyna görä, Bagdatdan demirgazyk-gündogar ýerde gaz geçiriji sistemasynda işlän 18 adam, atylyp öldürilipdir. Olaryň köpüsiniň eýranlylar bolandygy aýdylýar. Bu waka Bakuba şäheriniň golaýynda anna güni bolupdyr.

Polisiýa 15 eýranlynyň we üç yraklynyň Eýran-Yrak gaz geçirijisinde işländigini habar berdi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmandyr. Habar berilişine görä, bu hüjümde ýene bäş eýranly we azyndan iki yrakly ýaralanypdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de, Bagdadyň günortasynda awto ulagda goýlan bombanyň partlamagy zerarly azyndan alty we Nahrawanda bolan ýene bir bomba partlamasynda dört adam wepat bolupdyr.

Yrakdaky zorluklar şu ýyl 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi. BMG-niň maglumatyna görä, Yrakda şu ýylyň dowamynda sekiz müňden gowrak adam wepat bolupdyr.
XS
SM
MD
LG