Sepleriň elýeterliligi

Mandelanyň jesedi Kunu obasyna eltildi


Şenbe güni merhum Neslon Mandelanyň jesedi Günorta Afrika respublikasynyň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýän Kunu atly dogduk obasyna eltildi. Mandelanyň jesedini alyp baran awto we moto ulaglaryň geçen 32 kilometrlik ýolunda müňlerçe adam liniýa düzülip durdular.

Habar berilişine görä, Mandela köp bolmadyk adamyň esasan maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda ýekşenbe güni jaýlanar.

Aparteide garşy göreşiň lideri Nelson Mandela 1994-nji ýylda Günorta Afrika Respublikasynyň ilkinji garaýagyz prezidenti boldy. Neslon Mandela 5-nji dekabrda 95 ýaşynda aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG