Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejlis: Halkara synçylaryna ähli mümkinçilik dörediler


Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň delegasiýasy bilen duşuşyk geçirildi.

Resmi maglumata görä, 14-nji dekabrda bolan duşuşykda Mejlisiň ýolbaşçylary ýurda çagyrylan halkara gözegçileriniň doly derejede işlemegi we olaryň parlamentiň bäşinji çagyryşynyň täze deputatlaryny saýlamak boýunça geçirilýän ses berişlige päsgelsiz hem bitarap baha bermegi üçin ähli mümkinçiligiň dörediljegini aýdypdyr.

Türkmenistanda geçýän saýlawlara resmi çakylyk bilen ilkinji gezek syn edýän Parlament Assambleýasynyň delegasiýasynyň wekilleri Saýlawlary we Referendumlary geçirmek boýunça merkezi komissiýanyň hem milli syýasy partiýalaryň wekilleri bilen duşuşypdyr.

Parlament Assambleýasynyň resmi beýannamasynda delegasiýanyň saýlaw güni saýlaw nokatlaryna baryp, saýlaw prosesine baha berjekdigi avdylvar. Delegasiýanyň ýolbaşçysy Jeýms Walş ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň saýlawlara gözegçilik etmegi barada Türkmenistandan "ilkinji gezek açyk çakylyk" alandygyny belledi, diýip resmi beýannamada aýdyldy.
XS
SM
MD
LG