Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilkinji köp partiýaly saýlawlar oppozisiýasyz geçýär


Türkmenistanly ses berijiler ilkinji gezek iki partiýanyň gatnaşmagynda geçirilýän ses berişlikde täze parlamenti saýlaýarlar. 1991-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ilkinji gezek parlament saýlawlaryna iki partiýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Şol bir wagtda-da, Senagatçylar we Telekeçiler partiýasy oppozision hereketi bolman, geçen ýylda prezident G.Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döredilipdi.

Mejlisiň bäşinji çagyryşynyň düzümine girmäge dalaş edýänleriň arasynda hökümetiň gözegçiligindäki bileleşikleriň we guramalaryň onlarça wekilleri hem bar.

125 orunlyk parlamentiň düzümine girmäge dalaş edýän 283 sany kandidatyň ählisi häkimiýet başyndaky Demokratik partiýasynyň syýasy liniýasyny goldaýar.

Saýlawlaryň öňüsyrasynda Amnesty International guramasy türkmen häkimiýetlerini raýatlaryň esasy azatlyklaryny ret etmekde we ilaty “ähli taraplaýyn repressiýada” saklamakda aýyplady. Ýurtda üç milliona golaý raýatyň ses bermäge hukugynyň bardygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG