Sepleriň elýeterliligi

Karakas: Pariže barýan uçar barlandy


Wenesuelanyň häkimiýetleri Air France howa kompaniýasynyň uçarynda bombanyň bolmagy barada duýduryş sebäpli ýolagçylaryň ewakuasiýa edilendigini we derňewiň geçirilendigini habar berdiler.

Bu waka şenbe güni agşam uçar Karakasdan Pariže ugrajak bolanda ýüze çykypdyr.

Wenesuelanyň içeri işler ministri Miguel Rodriguez Torres uçarda bombanyň goýulmagynyň potensial howpy barada Fransiýanyň ýörite gulluklarynyň habar berendigini mälim etdi. Emma Torres bu wakanyň aňrysynda kimiň we nähili sebäpleriň duran bolmagy barada aýtmady.

Wenesuelanyň içeri işler ministriniň sözlerine görä, bu wakany derňemek boýunça geçirilen işlere 60-dan gowrak tehniki işgär we bilermen gatnaşypdyr.
XS
SM
MD
LG