Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Ukraina bilen gepleşikleri togtatdy


Ýewropa Bileleşiginiň ýekşenbe güni yglan etmegine görä, ol Ukraina bilen söwda hem hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk ugrundaky gepleşikleri togtatdy. Brussel Kiýewiň delilleriniň “hakykata esaslanmaýandygyny” aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň ýaýbaňlanmak boýunça ýolbaşçysy Stefan Fueleniň Twitter ulgamynda ýerleşdiren maglumatyna görä, ol geçen hepdede Ukrainanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Serhiý Arbuzowa ylalaşyk boýunça geljekki diskussiýalaryň Kiýewiň bu ylalaşyga gol çekmäge açyk isleg bildirmegine bagly boljagyny aýdypdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de gowuşýan maglumatlara görä, prezident Wiktor Ýanukowiçe basyş etmek üçin oppozisiýanyň 150-200 müň çemesi tarapdary Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda jemlenipdir.

Ýanukowiçiň geçen aýda ÝB bilen assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürip, Orsýet bilen gatnaşyklary güýçlendirmek barada yglan eden karary Ukrainada güýçli protest çykyşlary döretdi. Kiýewiň merkezinde hökümete goldaw bildirýän köpçülikleýin demonstrasiýar hem geçirilýär.
XS
SM
MD
LG