Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brussel: Kiýewiň delilleri hakykata esaslanmaýar


Ukrainanyň prezidenti W.Ýanukowic (s) we ÝB-niň ýaýbaňlanmak boýunça ýolbaşçysy S.Fuele, 20-nji sentýabr, 2013
Ukrainanyň prezidenti W.Ýanukowic (s) we ÝB-niň ýaýbaňlanmak boýunça ýolbaşçysy S.Fuele, 20-nji sentýabr, 2013
Ýewropa Bileleşigi Ukraina bilen söwda hem hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk ugrundaky gepleşikleri togtatýandygyny ýekşenbe güni mälim etdi. Brussel Kiýewiň delilleriniň “hakykata esaslanmaýandygyny” aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň ýaýbaňlanmak boýunça ýolbaşçysy Stefan Fueleniň Twitter ulgamynda ýerleşdiren maglumatyna görä, ol geçen hepdede Ukrainanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Serhiý Arbuzowa ylalaşyk boýunça geljekki diskussiýalaryň Kiýewiň bu ylalaşyga gol çekmäge açyk isleg bildirmegine bagly boljagyny aýdypdyr.

Protestler dowam edýär

Şol bir wagtda-da onlarça müň protestçi Ýanukowiçe basyş etmek üçin Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda jemlendi.

Ýanukowiçiň geçen aýda ÝB bilen assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürip, Orsýet bilen gatnaşyklary güýçlendirmek barada yglan eden karary Ukrainada güýçli protestleri döretdi.

Kiýewiň merkezinde hökümete goldaw bildirýän köpçülikleýin demonstrasiýar hem geçirilýär. Hökümetiň tarapdarlary Ýanukowiçiň wada beren ykdysady we sosial durnuklylygyna garaşýandyklaryny aýdýarlar.

Oppozisiýanyň geçirýän protest aksiýalaryna 150-200 çemesi adamyň gatnaşýandygy barada habar berilýär. Protestçiler Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda 21-nji noýabrdan bäri ornaşdylar.

Hökümete garşy çykyş edýän protestçi Nazar oppozisiýanyň talaplary ýerine ýetirilýänçä protestçileriň yza çekilmejegini aýtdy: “Biz öz ideýamyzyň durmuşa geçiriljegine ynanýarys. Biz munuň soňy ýeňiş bilen gutarar, diýip pikir edýäris”.

Polisiýa Garaşsyzlyk meýdançasynda we Ýewropa meýdançasynda jemlenen demonstrantlaryň sanyny 15 we 20 müň adam diýip kesgitledi.

Ukrainanyň häkimiýetleri potestler bilen bagly dartgynlylygy gowşatmak maksady bilen 30-njy noýabrda Kiýewde polisiýanyň protestçilere garşy güýç ulanmagy bilen baglylykda iki sany ýokary derejeli döwlet resmisini işden boşatdylar.

Oppozisiýa bu hereketiň ýeterlikli däldigini aýdýar we hökümetiň dargadylmagyny hem täze saýlawlaryň geçirilmegini talap edýär.

Amerikan goldawy

ABŞ-nyň senatory Jon Makkeýn şenbe güni Kiýewe baryp, oppozisiýanyň liderleri we protestçiler bilen duşuşdy. Amerikan senatory häkimiýetleri we protestçileri demokratik hukuklarynyň parahatçylykly berjaý edilmegine hormat goýmaga çagyrdy.

Ýekşenbe güni Makkeýn tussaglykdaky oppozision lider Ýuliýa Timoşenkonyň gyzy Ýewgeniýa bilen duşuşdy. Şeýle-de ol boks boýunça dünýä çempiony we UDAR atly oppozision partiýanyň lideri Witaliý Kliçko, milletçileriň lideri Oleh Týahnybok we “Batkiwşina” partiýasynyň lideri Arseniý Ýatsenýuk bilen söhbetdeş boldy.

Makkeýn Ukrainanyň Prawoslaw ybadathanasynyň ýolbaşçysy Patriarh Filaret we ýurduň daşary işler ministri Leonid Kožara bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň hökümeti Ýanukowiçiň 21-nji noýabrda ÝB bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürmek kararyna bildirilýän protestleri giňden goldaýar.

Hyzmatdaşlyk ugurlary

Protestçiler Orsýetiň Ukraina edýän täsiriniň azalmagyny we ýurduň Günbatar bilen has ýakynlaşmagyny isleýändigini aýdýarlar.

Moskwa Ukrainanyň Gazagystany hem Belarusy öz içine alýan Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük Bileleşigine girmegini isleýär.

Ukrainanyň hökümeti milliardlarça ýewro möçberde alan karzlary we Orsýetiň gazy üçin bergileri sebäpli bankrot bolmagyň howpy astynda galýar.
XS
SM
MD
LG