Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Phenýandaky jeza reaksiýa bildirdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Demirgazyk Koreýanyň lideriniň daýysynyň jezalandyrylmagy gizlin kommunist döwletindäki durnuksyzlygyň “elhenç alamatydyr” diýip belledi.

Demirgazyk Koreýada geçen hepdäniň aýagynda ýurduň iň täsirli resmileriniň biri bolan Jang Song Thaek korrupsiýada we döwleti agdarmaga synanyşykda aýyplanyp jezalandyryldy.

Jon Kerri ýekşenbe güni ABC telekanalyna beren interwýusynda ölüm jezasynyň Demirgazyk Koreýanyň lideriniň näderejede “rehimsiz we paýhassyzdygyny” görkezýändigini aýtdy.

Şeýle-de Kerriniň sözlerine görä, bu waka Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasynyň garşysyna tutuş dünýäniň bütewi bir pozisiýa eýelemeginiň ähmiýetini nygtady. Demirgazyk Koreýa ýadro bombasynyň üç synagyny amala aşyrdy, iň soňky synag fewral aýynda boldy.
XS
SM
MD
LG