Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşton: ÝB Ukraina bilen işleşip biler


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Katerine Aşton Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçe Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmagyna böwet bolan "gysga möhletleýin" maliýe meseleleriniň çözüljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Aşton bu barada duşenbe güni Brýusselde geçiriljek ÝB-niň Daşary işler boýunça geňeşiniň masalatynyň öňünden çykyş etdi. Ýewropaly resmi "bar bolan meseleleri çözmek üçin" ÝB-niň Ýanukowiç bilen işleşip biljekdigini aýtdy.

Aşton muny gönümel ÝB, maliýe institutlary ýa bolmasa hususy pudak arkaly durmuşa geçirip boljakdygyny hem belläp geçdi.

Şeýle-de Aşton bu krizis Ýewropa Bileleşigi bilen Russiýanyň gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir etmeli däldir diýdi. Russiýa Ukrainanyň Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmazlygy üçin Kiýewe basyş etmekde aýyplanýar.

Ýekşenbe güni Ýewropa Bileleşigi Kiýew bilen söwda we syýasy pakt baradaky gepleşiklerini soňa goýýandygyny yglan edipdi.

Bu arada Kiýewde müňlerçe adam protest çärelerini geçirmäge dowam edýärler.
XS
SM
MD
LG