Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Saýlawdaky sesler sanalýar


Türkmenistanda ilkinji gezek iki partiýanyň gatnaşmagynda geçirilen parlament saýlawlarynyň sesleri sanalýar. Deslapky netijeleriň duşenbe güni yglan edilmegine garaşylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara ses bermäge ejesi Ogulabat we kakasy Malikguly Berdimuhamedow bilen birlikde gatnaşdy. Olar Aşgabadyň Güneş saýlaw merkezinde ses berdiler.

Ýurduň saýlaw resmileriniň berýän maglumatyna görä, saýlawlarda ses bermäge ilatyň 91,3%-i gatnaşypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň berýän maglumatyna görä, ses berijileriň ençemesi beýleki maşgala agzalary üçin hem ses beripdirler.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy ilatyň ünsüni saýlawlara çekmek üçin saýlaw merkezlerinde konsertleriň gurnalandygyna garamazdan, saýlawlara gatnaşygyň pes bolandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG