Sepleriň elýeterliligi

Bişkek “GB”-niň ýol kartasyny ret edýär


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew eger-de Russiýanyň howandarlygyndaky“Gümrük bileleşiginiň” ýol kartasy gyrgyz tarapynyň gatnaşmazlygy netijesinde taýýarlansa, onda Bişkegiň bu Bileleşige goşulmajakdygyny aýtdy.

Duşenbe güni Bişkekda eden çykyşynda gyrgyz prezidenti öz ýurdunyň "edil Ukrainaňky ýaly saýlap alara köp ugry bolmasa-da, özleri üçin iň amatly ýoly seçip aljakdyklaryny" hem belläp geçdi.

Geçen hepde Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Joomart Otorbaýew gyrgyz ekspertleriniň häzirki ýol kartasyny kesgitlemäge gatnaşmandygyny aýdyp, şikaýat edipdi. Ol munuň durmuşa geçirlien halatynda “sosial problemalaryň we durnuksyzlygyň” döremegine sebäp bolup biljekdigini öňe sürüpdi.

“Gümrük bileleşigi” 2011-nji ýylda döredilipdi we häzirki wagt onuň düzümine Belarus, Gazagystan we Russiýa girýär.
XS
SM
MD
LG