Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Çaknyşyklarda 16 adam öldi


Hytaýyň günbataryndaky durnuksyz Şinjiang regionynda gazaplylygyň ýüze çykandygy habar berilýär.

Ýurduň resmileriniň berýän maglumatyna görä, ýekşenbe güni bolan çaknyşyklarda polisiýanyň ýaragdan ot açmagy netijesinde 14 adam ölüpdir. Şeýle-de, wakada başga-da iki polisiýa işgäri öldürilipdir.

Hytaý hökümetiniň resmi “Tianşan” habar gullugynyň maglumatyna laýyklykda, polisiýa “jenaýatçy bolmakda güman edilýän” adamlary tussag etmek üçin Kaşgar şäheriniň golaýyndaky oba baranynda, adamlar olara garşy partladyjy serişdeleri zyňyp, pyçakly hüjüm edipdirler.

Geçen aý elleri paltaly we pyçakly adamlaryň Kaşgar şäheriniň golaýyndaky polisiýa merkezine hüjüm etmegi netijesinde azyndan dokuz adam we iki polisiýa işgäri ölüpdi.

Hytaý hökümeti hüjümiň Şinjiang şäherindäki yslamçy söweşijiler tarapyndan amala aşyrlandygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG