Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Protestçiler gijesi bilen köçede boldy


Kiýewiň merkezi, 16-njy dekabr, 2013.
Kiýewiň merkezi, 16-njy dekabr, 2013.
Müňlerçe protestçi gijesi bilen Kiýewiň köçelerinde galdy.

Ukrain paýtagty prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyk gurmak barada uzak garaşylan şertnamany soňa goýup, Orsýete tarap ýüzüni öwürmegine garşy protestlere indi dört hepdä golaý şaýat bolýar.

Ýekşenbe güni Kiýewde müňlerçe adamyň proteste ýygnanan mahaly ÝB Ukraina bilen söwda we syýasy şertnama baglaşmak baradaky gepleşikleri togtadýandygyny yglan etdi.

ÝB-niň giňeliş komissary Stefan Fuele Twitterde Ýanukowiçiň we onuň hökümetiniň şertnama babatdaky işi we edýän zatlary biri-birinden barha we barha daş düşýär diýdi.

Analitikler indi ünsüň Ýanukowiçiň sişenbe güni Moskwa etjek saparyna gönügýändigini aýdýarlar.

Premýer-ministr Mikola Azarow ýekşenbe güni Orsýetden Ukraina arzan bahadan gaz getirmek barada ylalaşyk baglaşylmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Moskwa bilen Brýusseliň aralygynda

Oppozisiýa Ýanukowiç Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky gümrük birleşigine goşulmak barada ilkinji ädimleri äder diýip howatyr edýär, bu bilelişige Belarus bilen Gazagystan hem girýär.

Ukrainanyň oppozisiýa lideri Oleh Tiahnibok Ýanokowiçe Ukrainany satmaly däldigini duýdurdy.

"Biz, häzirki zaman ukrainalylary, Moskwa öz hapa aýakgaby bilen ukrainalylary basgylamaz ýaly, öz geljegimiz üçin edil häzir elimizden gelýän ähli zady etmeli. Şu sebäpden biz prezident [Wiktor Yanukowiçe] ukrain döwletiniň bähbitlerine ters gelýän hiç bir zada gol çekmäge ygtyýar bermeýäris."

Protestçiler sişenbe güni, Ýanukowiçiň Moskwa saparyna syn etmek üçin, ýene bir köpçülikleýin ýygnanyşygyň geçirilmegine çagyrdylar.

Analitikler Ýanukowiç hem Moskwanyň, hem Brýusseliň ünsüni özüne çekip, Moskwa gaz tölegleri babatda bermeli bergisi boýunça mümkin boldugyça gowy ylalaşyk gazanyp biler diýýärler.

Amerikan goldawy

Hökümete garşy protestçiler ýekşenbe güni, Birleşen Ştatlaryň senatory Jon Makkeýn Kiýewiň Garaşsyzlyk skwerinde çykyş edip, olaryň ykbalynyň Ýewropadadygyny aýdanda, uly ruhy goldaw aldylar.

"Biz bu ýere siziň parahatçylykly prosesiňiz üçin geldik we parahatçylykly protest hem siziň ýurduňyzy ruhlandyrýar, hem dünýäni ruhlandyrýar. Biz bu ýere siziň adalatly işiňizi goldamaga geldik, Ukrainanyň öz ykbalyny azat we garaşsyz kesgitlemegine özbaşdak hukugy bar. Onsoň siziň gözleýän ykbalyňyz Ýewropada" diýip, ol aýtdy.

Garaşsyzlyk meýdanyndan uzak bolmadyk ýerde 15 müň çemesi demonstrasiýaçy hökümeti goldaýan ýygnanyşyk geçirdi.

Makkeýn soňra Ýanukowiç bilen duşuşyk geçirdi, emma perzidentiň edarasy bu duşuşyk barada hiç bir detaly açmady. Biraz öň Makkeýn oppozisiýa liderleri bilen hem duşuşypdy.

Köçe protestleri Ýanukowiç 21-nji noýabrda ÝB bilen baglaşylmagy şertnamany soňa goýandan soň möwjäp galdy. Bu şertnama gol çekmek üçin ençeme ýyl taýýarlyk görlüpdi, emma hökümet Ukrainanyň ykdysadyýetini halas etmek üçin ýüzüni Moskwa tarap öwürdi.
XS
SM
MD
LG