Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Oppozisiýa uly proteste çagyrýar


Maýyp protestçi. Garaşsyzlyk skweri, Kiýew, 16-njy dekabr, 2013.
Maýyp protestçi. Garaşsyzlyk skweri, Kiýew, 16-njy dekabr, 2013.
Ukrain oppozisiýasy öz goldawçylaryny sişenbe güni Kiýewde güýje öwrülmäge çagyrýar.

Ukrainanyň paýtagtyndaky demonstrasiýa prezident Wiktor Ýanukowiçiň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirmek üçin Moskwa sapar edýän gününe gabat geldi.

Demonstrasiýaçylar Kiýewiň köçelerinde dört hepdä golaý protest bildirýärler. Olar Ýanukowiçiň ÝB bilen ýakyn gatnaşyk gurmak barada uzak garaşylan şertnamany soňa goýmagyndan nägile boldular.

Ukrainanyň oppozisiýasy Ýanukowiç sişenbe güni Putin bilen gepleşik geçirende Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky gümrük bileleşigine goşulmak barada ilkinji ädimleri äder öýdüp howatyr edýär.

Bu gepleşikler Ukrainanyň batmakdan gutulmak üçin nagt pula mätäçlik çekýän wagtynda geçirilýär.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (Ç) ukrain kärdeşi Wiktor Ýanukowiç bilen, Kiýew, 27-inji iýul, 2013.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (Ç) ukrain kärdeşi Wiktor Ýanukowiç bilen, Kiýew, 27-inji iýul, 2013.
Analitikler Putin Ýanukowiçe islendik zady teklip eder, bu garyşyk kredit, maýa goýum wadalary hem, energiýa nyrhlaryndaky, hususan-da tebigy gazyň bahasyndaky eglişik hem bolup biler diýýärler.

Orsýetiň Maliýe ministrligi karz pul baradaky gepleşikleriň alnyp barylýandygyny tassyk etdi.

Ukrainadaky çeşmeler bu ylalaşygyň 15 milliard amerikan dollaryna barabar bolup biljegini, Orsýetiň bu pullaryň 3-5 milliard dollara golaýyny öňünden berjegini aýdýarlar.

Oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko Ýanukowiçiň gaz ylalaşygyna gol çekjegini aýdýar:

"Bizde dürli çeşmelerden maglumat bar, ol ýerde Ukrainanyň gaz geçirijisiniň ýerine [Ukraina üçin] gazyň bahasy arzanladylar. Gaz tranzit sistemasy ykdysadyýetiň esasy möhüm strategik bölegi bolup durýar, onsoň biz Ukrainanyň bähbitleriniň giderilmegini islemeýäris."

Duşenbe güni Brýusselde ÝB-niň daşary işler ministrleri Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa ÝB-Ukraina gatnaşyklarynyň ýygjamlanmagynyň Orsýete wehim salmaýandygyny ynandyrmaga çalyşdylar.

ÝB-niň daşary syýasat ýolbaşçysy Ketrin Aşton hem ÝB-niň Kiýew bilen ylalaşyga gol çekmek üçin taýýar bolup durandygyny aýtdy:

"Biz Assosiasiýa şertnamasynyň Ukrainanyň ýakyn möhlet ykdysady meselelelerini çözmäge iň gowy mümkinçilikleri berjegine ynanýarys. [Ukrainanyň] bu şertnama gol çekmegi halkara bazarlaryna we maliýe guramalaryna ullakan bir yşarat bolar. Şeýle-de bu syýasy-ykdysady reformalar üçin esas bolup, uzak möhletli ösüş perspektiwalaryna hyzmat eder."

ÝB-niň giňeliş komissari Stefan Fuele ýekşenbe güni ÝB bilen Ukrainanyň arasynda assosiasiýa şertnamasyna gol çekmek barada alnyp barylýan gepleşikler togtadyldy, sebäbi Ýanukowiç Ukrainanyň bu ylalaşyga ýakynda gol çekjegine kepillik berip bilmedi diýdi.

Lawrow žurnalistlere özüniň ÝB ministrleri bilen Ukraina basyş edilmeli däldigi barada ylalaşandygyny aýtdy:

"Biz Ukraina barada maslahatlaşdyk we umumy ylalyşyga, her kimiň islendik ýurduň, şol sanda Ukrainanyň özygtyýarlylygyna hormat goýmagy hem-de şol halkyň öz ýurduny nähili ösdürjegi, öz döwletini nähili kuwwatlandyrjagy barada özleriniň erkin karara gelmegine ýol bermek baradaky pikire geldik."

Şeýle-de Lawrow Bileleşigi Ukrainanyň «içerki işlerine daşardan gatyşmakda» tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG