Sepleriň elýeterliligi

BMG: "Migrantlar hem adam"


Birleşen Milletler Guramasy çarşenbe güni belleniljek Migrantlar gününiň öň ýanynda “migrantlaryň adam hukuklaryna eýe ynsalardygyny" we “ýowuzlyklardan, ekspluatasiýa edilmekden we betniýetli ulanmalardan ejir çekmäge dowam etmeli däldigini” belläp, bütin dünýä ýatlatmak üçin beýanat ýaýratdy.

Gürrüňi edilýän guramanyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň ýaýradan beýanatynda migrantlaryň diňe “ykdysady ösüşiň guraly” hökmünde häsiýetlendirilmegine garşy duýduryş berilýär.

Şeýle-de, beýanatda ähli migrantlaryň “administratiw statusyna we ýagdaýyna garamazdan,” raýatlar bilen deň derejede adam hukuklaryna eýedigi bellenilýär.
XS
SM
MD
LG