Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Saýlawlaryň deslapky netijeleri yglan edildi


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýurtda geçirlen parlament saýlawlarynyň deslapky netijeleri mälim etdi. Bu barada komissiýanyň geçiren metbugat ýygnagynda bellenilip geçildi, diýip türkmen metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýanyň berýän maglumatyna görä, 16-njy dekabr güni irden sagat 10-a çenli 2446 saýlaw merkeziniň 1542-sinden býulletenler we protokollar gelip gowşupdyr. Bu san saýlaw merkezleriniň 63,04%-ni emele getirýär.

Türkmen hökümetiniň berýän deslapky maglumatyna laýyklykda ýurtdaky parlament saýlawlaryna ilatyň 91,3%-i gatnaşypdyr.
XS
SM
MD
LG