Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Saýlaw resmisi tussag edildi


Azerbaýjanda saýlawlaryň geçirilişine gözegçilik edýän toparyň ýolbaşçysy tussag edildi. Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjandaky habarçysynyň berýän maglumatyna görä, Anar Mammadli salgyt galplyklary we bikanun söwda etmek aýyplamalary bilen duşenbe güni Bakuwda polisiýa tarapyndan sorag-jogaba çekilipdir.

Onuň üç aý deslapky tussaghanada saklanylmalydygy barada tabşyryk berildi. Mammadli Azerbaýjanyň Saýlawlaryň geçirilişine gözegçilik edýän we demokratiýany öwrenýän merkeziniň başlygydyr.

Gürrüňi gidýän bu merkez şu ýylyň güýz paslynda Azerbaýjanda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gözegçilik edip, saýlaw býulletenleri oklananda hem-de sesler sanalanda bidüzgünçilikleriň we kanun bozulmalaryň bolandygyny paş edipdi.

Mammadli Azerbaýjanda graždan jemgyýetçiliginiň iň öňdebarayjy wekilleriniň biridir. Onuň tarapdarlarynyň aýtmagyna görä, resmiler ençeme ýyl bäri ony we onuň saýlawlara gözegçiligini dymdyrmaga synanyşypdyr.
XS
SM
MD
LG