Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ olimpiadany boýkot etmeýär


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Russiýadaky ilçisi Maýkl MakFol Soçide geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryna ABŞ prezidentlik delegasiýasynyň ugradyljakdygyny mälim etdi. Ýöne ol delegasiýa kimiň ýolbaşçylyk etjeginiň heniz nämälimdigini belledi.

MakFol duşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “biziň hökümetimiz tarapyndan olimpiada hiç hili boýkot edilmez” diýdi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland we Germaniýanyň prezidenti Ýoahim Gauk Olimpiýa oýunlarynyň fewral aýynda geçiriljek açylyş dabarasy üçin Soçä gitmejekdiklerini aýtdylar.

Ukraina barada soralanda, MakFol bu ukrainleriň özlerine bagly, ýagny Ýewropa Bileleşigi bilenmi ýa-da Russiýa bilenmi ýakyn aragatnaşyk saklamalydygyny olaryň özleri çözerler diýdi.

Şeýle-de ol Russiýanyň we ABŞ-nyň Ukrainadaky ýagdaýlary “parahatçylykly” we “demokratik” görnüşde saklamak ýaly umumy gyzyklanmalarynyň bardygyny belledi.
XS
SM
MD
LG