Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Tikene goňşulyk güle aýp däl"


Bägüller
Bägüller
Şahyr Amanmyrat Bugaýewiň nobatdaky, täze goşgulary.

Gaçgak

Gün ýerden naýzaboý çagyndan göge,
Öýlän eňegini goýýança ýere,
Ol bendäň bagtyna çekilýär gara…
Dem-deme ýetenok, daljygyp gaçýar,
Gaçýar aýagyna biten deý ganat.
Halys tapdan düşüp, güjüm teýinde,
Aýak çekýär kelte zaman-şu halat.
Arz edip jowranýar, janykýar bende:
- Ýowuz derde duçar bolýan her günde.
Meni kowalaýar bir gara apat,
Aýaklary ýyndam, göwresi äpet.
Şu saýadan çykyp, düşsem ýola men,
Sessiz-üýnsüz çykar, düşer söbüge,
Duçar bolaryn men, ýowuz hala men.

Mesgen tutan kişi güjüm teýini,
Hekem bolan saýaň goýry ýerine.
- Sen öz kölegäňi tanap, seljermän,
Kölegäňden gaçýaň - diýmäň ýerine.
- Gaç gardaş, kim gaçsa gutular - diýýär.
Ýeser gülüp, nobat berip erine.
Gaçýar, bagty taýan dowulçy bende.
Biraz ozal onuň üstünden gülen,
Onuň gaçyşyndan alýar elheder.
Tapyp öz-özünden tebil, gozgalaň,
Ökjäni göterýär oň yzy bilen.

Öňden gaçýan gaçýar öz kölgesinden,
Yzdan gaçýan kalba howp-hatar salyp,
Gaçýar, ýalanyna özi ynanyp.
…Kölege göwreden düşenok jyda,
Kölegeden gaçýan köpelýär juda.

Düwünçek

Çyn gül elmydama çyndan söýüler,
Tikene goňşulyk güle aýp däl.
Tiken aňman, bilmän tiken nyrhyny,
Güle goňşulygy saýýar aýp hal.

***
Hoş sözüne mätäç saýyp il-güni,
Bir bugdaý sözüne edýär müň minnet.
Dymmawer, gürläwer, gürlän tanalar,
Sözüňe kazydyr, emindir millet.
XS
SM
MD
LG