Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz-täjik serhedinde dartgynlylyk artdy


Gyrgyz-täjik araçägindäki dawaly territoriýada ýerleşýän bir çaýhana otlandy. Bu çaýhana gyrgyz milletli adama degişlidi.

Sişenbe güni bolan bu waka ýerli gyrgyzlar bilen täjikleriň arasyndaky dartgynlylygy güýçlendirdi. Munuň netijesinde, çarşenbe güni Täjigistanyň Isfara etrabynda ýerli gyrgyz we täjik resmileriniň arasynda gepleşikler hem geçirildi.

Bu waka Täjigistanyň serhet gullukçylarynyň iki gyrgyz raýatyny boşatmagyndan bir gün soň bolup geçdi. Olar ýekşenbe güni serhedi bikanun geçmekde aýyplanyp, tussag edilipdiler.

Duşenbe güni gyrgyz hökümeti Täjigistandan serhetleri kesgitlemek boýunça 24-nji dekabrda gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmegi sorady.

Şu ýylyň dowamynda gyrgyz we täjik serhedinde ençeme çaknyşyklaryň bolandygy barada habar berilipdi.
XS
SM
MD
LG