Sepleriň elýeterliligi

Azarow: Ylalaşyk "taryhy"


Ukrainanyň premýer-ministri Mikola Azarow Moskwa bilen gelnen 15 milliard dollarlyk ýardam ylalaşygynyň “taryhydygyny” we onuň Ukraina ykdysady we maliýe durnuklylygy getirjekdigini aýtdy.

Azarow Kiýewde eden çykyşynda ylalaşyk paketi bolmadyk bolsa Ukraina “maliýe we sosial çökgünlilikleri” bilen ýüzbe-ýüz bolardy diýdi. Gürrüňi edilýän paket sişenbe güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen prezident Wladimir Putiniň arasynda ylalaşylypdy.

Bu aralykda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainanyň hökümetine garşy edilýän “göz-çykgynç basyş” diýip häsiýetlendiren çäreleri tankyt etdi. Rus resmisi muny Ýewropa Bileleşiginiň Kiýewi Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmaga ynandyrmak baradaky tagallalaryna kakdyryp aýtdy.

Şeýle-de, Ýanukowiçiň Moskwada ylalaşan karary Ukrainadaky garşydaşlarynyň onuň wezipesinden çekilmelidigi baradaky talaplaryny gaýtadan möwjetdi.
XS
SM
MD
LG