Sepleriň elýeterliligi

Serbiýanyň ÝB goşulmagyna ýol açyldy


Serbiýa respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak baradaky gepleşiklere ýanwar aýynda başlamagy üçin ýol açyldy.

Bu Bileleşigiň giňeldilmegi bilen bagly mesele boýunça ýörite komissary Stefan Fule özüniň "Twitter" sosial ulgamyndaky hasabynda (@StefanFuleEU) Ýewropa Bileleşiginiň ministrleri Serbiýanyň Kosowa bilen ýagdaýyny “kadalaşdyrmak baradaky tagallalaryny we reformalaryny ykrar etdi” diýip ýazdy.

Fule gepleşikleriň 21-nji ýanwarda başlajakdygyny aýtdy. Bu karar sişenbe güni Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň ministrleriniň Ýewropa we daşary işleri boýunça geçiren ýygnagynda kabul edildi.
XS
SM
MD
LG