Sepleriň elýeterliligi

Astana: Protestçiler tussag edildi


Gazagystanyň paýtagty Astanada polisiýa özleriniň öýlerinden çykarylmagyna garşy protest geçiren onlarça ýaşaýjyny tussag edi.

Çarşenbe güni Gazagystanyň paýtagtyndaky Baş prokuraturanyň öňünde ýygnanan protestçiler özleriniň bolýan jaýyna gelen täze eýäniň olaryň öýlerinden çykmagyny bikanun ýagdaýda talap edendigini öňe sürýärler.

Protestçileriň aýtmagyna görä, bu talap 400 çemesi maşgala öz täsirini ýetirip, olaryň ählisi hem öýlerinden çykmagy ret edýärler.

Protestçiler ellerinde “Biz öz öýlerimizi bermeris!” we “Öýümizi diňe gandöküşlik bilen alyň!” diýip ýazylan plakatlary göterdiler.

Şu ýylyň başynda Astanada we Almatyda ýaşaýyş jaýy bilen baglanyşykly geçirlen birnäçe protestde onlarça demonstrant tussag edilipdi. Resmiler bu tussag edilmeleri ýurtda köpçülikleýin ýygnanyşmak baradaky kanuny bozmak bilen düşündiripdi.
XS
SM
MD
LG