Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Täze ýyla taýýarlanýar


Täze ýyl arçasy
Täze ýyl arçasy
Paýtagt Aşgabat Täze ýyl baýramyny bellemäge taýýarlyk görüp başlady. 8-nji dekabrda şäheriň käbir köçelerinde emeli täze ýyl arçalary dikilip, olar dürli-dürli oýnawaçlar bilen bezeldi. Şu ýyl täze ýyl arçalarynyň esasy bezegi bedew at boldy.

Bu bezeg işleri şäher häkimligi tarapyndan amala aşyrylýar. Häkimligiň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bu maksat üçin ýörite pul goýberilýär. Adat boýunça, şäheriň esasy köçeleriniň ugrundaky ösüp oturan arçalar hem bezelýär. Olardan, esasan, dürli-dürli reňkli çyrajyklar, zerler asylýar.

Adatça, döwlete degişli edara-kärhanalaryň, dürli derejedäki okuw jaýlarynyň binalarynyň daş-töwereginde ösüp oturan bu arçalary şol edara-kärhanalaryň özleri bezemeli.

Paýtagt Täze ýyla taýýarlanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:48 0:00

Käbir döwlet guramalary ýörite emeli arçalary-da dikýärler. Häzir bu hili arçalary Berkararlyk etrap häkimliginiň, Demir ýol ministrliginiň, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň we beýleki döwlet guramalarynyň binalarynyň öňünde görmek bolýar.

Häkimligiň käbir işgärleriniň aýtmaklaryna görä, edara-kärhanalaryň arasynda iň owadan täze ýyl bezegi boýunça ýörite bäsdeşlik hem geçirilýär. “Bu bäsdeşlik Aşgabadyň häkimligi tarapyndan geçirilýär. Şonuň üçin her bir edaranyň ýolbaşçysy täze ýyl bezegini başardygyndan has owadan etjek bolýar” diýip, paýtagtyň häkimliginiň işgäri 36 ýaşly Maksat gürrüň berýär.

Emma, bu bäsdeşlik üçin edilýän çykdajylaryň şol döwlet edara-kärhanlaryň işgärleriniň gerdenine düşýändigi hem aýdylýar. Magtymguly prospektinde ýerleşýän demirýol keselhanasynyň işgärleriniň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, şu ýyl olardan bu bezeg işleri üçin 30 manat ýygnalypdyr.


Paýtagtyň käbir orta mekdeplerinde hem täze ýyl bezegleri üçin okuwçylardan pul ýygnalýandygy aýdylýar. Aşgabadyň 55-nji orta mekdebinde bu cäre üçin her klasdan 20 manat ýygnalypdyr. Paýtagtyň çeträginde ýerleşýän 14-nji orta mekdepde bolsa her okuwçydan 5 manat ýygnalandygy aýdylýar.

Käbir döwlet guramalarynda bezeg işleri üçin ýygnalýan puluň möçberi şol guramalarda işleýänlere ýa okaýanlara aýdylsa, käbirlerinde bu barada hiç zat aýdylmaýar, dine aýlykdan ýa stipendiýadan tutulyp, alnyp galynýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji kursunyň studenti Aýlaryň aýtmagyna görä, bu ýokary okuw jaýynyň studentlerine bezeg işleri üçin stipendiýalaryndan pul tutuljakdygyny habar beripdirler. Emma onuň möçberi barada hiç zat aýtmandyrlar.

“Biziň uniwerstitemiziň studentleri indiki aý stipendiýalaryny alanlarynda näçe pul tutulandygyny bilerler. Geçen ýylam şeýle bolupdy. Şonda stipendiýamyzy alanymyzda 40 manat kem çykdy. Ol puluň täze ýyl ýolkasyny bezemek üçin tutulandygyny aýtdylar” diýip, Aýlar gürrüň berýär.

Aýlaryň aýtmagyna görä, onuň okaýan uniwersitetinde 2-3 ýyl mundan ozal pul ýygnalyp satyn alnan şol öňki täze ýyl arçasy hem-de bezegler ulanylýar. “Iň soňy öňki satyn alnan arça we bezegler ulanylýar. Ýöne, muňa garamazdan, her ýyl stipendiýamyzdan pul tutulýar. Şol pullaryň nirä gidýändigi näbelli” diýip, Aýlar Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Täze ýyl baýramçylygynyň käbir okuw jaýlarynda gurnalyşyna öz garaýşyny beýan etdi.

Ýeri gelende aýtsak, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň hem-de orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň ene-atalarynyň Täze ýyl baýramynda edýän çykdajylary diňe täze ýyl bezegi bilen çäklenmeýär.

Täze ýyl baýramy golaýlaşdygyça, bazarlarda bahalar ýokary galyp, bu ýagdaý maşgalalaryň ykdysady ýagdaýyna öz duýarlykly täsirini ýetirip başlaýar.
XS
SM
MD
LG