Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Baku: “Şah Deňiz-2” boýunça ylalaşyldy


“Şah deňiz-2” tebigy gaz ýatagyny özleşdirýän halkara konsorsiumynyň wekilleri, Baku, 17-nji dekabr, 2013.

“Şah deňiz-2” tebigy gaz ýatagyny özleşdirýän halkara konsorsiumynyň wekilleri, Baku, 17-nji dekabr, 2013.

Azerbaýjanyň “Şah deňiz-2” tebigy gaz ýatagyny özleşdirýän konsorsium bilen jemleýji inwestision ylalaşyga gol çekip, Ýewropa gaz akdyrmak ugrunda anyk ädim ätdi.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň aýtmagyna görä, sişenbe güni Bakuwda gol çekilen ylalaşyk “Şah Deňiz-2” offşor gaz we nebit ýataklaryna maýa goýmak baradaky karary we Trans-Anadolu (TANAP) hem Trans-Adriatik (TAP ) gazgeçirijileri baradaky karary öz içine alýar. Bu proýektler azyndan 35 milliard dollara durýar.

“Şah Deňiz -2

Azerbaýjanyň prezidenti Aliýew “Şah Deňiz-2” boýunça gol çekilen ylalaşygyň 2012-nji we 2013-nji ýyllarda gol çekilen ylalaşyklar bilen bilelikde jemleýji karar bolandygyny belledi.

“Şah Deňiz-2” ylalaşygy Ýewropa üçin Orsýetiň territoriýasyndan sowa geçýän täze gaz üpjünçilik ýoluny açýar.

Bu agzalan TANAP we TAP gazgeçirijileri Azerbaýjanyň gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça göz öňünde tutulan “Nabucco” gaz geçirijisiniň ýerini tutýar. “Şah Deňiz” konsorsiumy Trans-Adriatik gazgeçirijisiniň ulanylmagyny şu ýylyň başynda makullady.

Aliýew sişenbe güni gol çekilen ylalaşygyň “Ýewropanyň energiýa kartasyny üýtgetjekdigini” aýtdy we “Azerbaýjanyň gazynyň indi hyrydar bazarlara ýetiriljekdigini belledi.

Britaniýanyň “British Petroleum” kompaniýasy proýektiň iň uly partnýorlarynyň biridir.

Ylalaşygyň ähmiýeti

Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýg gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy we ylalaşygy “Azerbaýjan, Britaniýa we Ýewropa üçin garaşylan täzelik” diýip atlandyrdy.

Bu dabara gatnaşan Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça komissary Gunther Oettinger ylalaşygyň Ýewropa Bileleşiginiň ”Günorta koridor” diýlip atlandyrylýan gazgeçirijini gurmak planyna esasy goşant goşýandygyny belledi. Oettinger bu koridoryň Ýewropa Bileleşiginiň gaza bolan talabynyň 20%-ne çenli “uzak möhletleýin” üpjün edip biljekdigini belledi.

Brýusselde ÝB komissiýasynyň prezident Jose Manuel Baroso “Şah Deňiz-2” boýunça gelnen ylalaşygy “Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynyň pugtalanmagy üçin gapylary açýan strategik” ädim diýip atlandyrdy.

”Şah Deňiz-2” geljekde alyjylary ýylda 20 milliard kubometr gaz bilen üpjün edip biler. Türkiýe we Gürjüstan bu gazyň 6 milliard kubometrini satyn alarlar.

”Şah Deňiz-2” ýatagynyň 1.2 trillion kubometr gaza baýlygynyň bardygy çak edilýär.

Partnýorlar

Sişenbe güni geçirilen gol çekişlik dabarasynda konsorsiumyň partnýory Norwegiýanyň “Statoil” kompaniýasy "Şah Deňiz-2" proýektindäki 25.5% paýynyň 10%-tini satandygyny yglan etdi. Bu garaşylmadyk bir täzelik boldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy “Statoil” kompaniýasynyň paýyndan 6.7%-i satyn aldy galan 2.3%-i BP satyn alypdyr.

BP häzirki wagtda proýektiň 28.8%-ne eýe bolýar, SOCAR 16.7%-e, “Statoil” kompaniýasynyň paýy bolsa indi 15.5%-den ybarat.

Proýektiň beýleki partnýorlarynyň arasynda Fransiýanyň Total, Eýranyň milli nebit kompaniýasy we Orsýetiň LUKOIL kompaniýasy bar. Olaryň hersiniň paýyna 10%-den düşýär. Türkiýäniň TPAO milli nebit-gaz kompaniýasyna proýektiň 9%-i degşli.

Duşenbe güni “Total” we “Statoil” Türkiýäniň tutuş giňişliginden geçýän TANAP, ýagny Trans-Anadolu proýektinden çykýandygyny yglan etdiler. Habar berlişine görä, olaryň paýy galan partnýorlaryň, ýagny SOCAR, BP, TPAO kompaniýalarynyň, şeýle-de “Botas” türk şirketiniň arasynda deň paýlaşylar.

Sişenbe günki gol çekişligiň öňüsyrasynda Amnesty International guramasy Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýge ýüzlenip, ony Azerbaýjana saparynyň dowamynda adam hukuklary bilen bagly problemalar boýunça aladalanma bildirmäge çagyrdy. Gurama Azerbaýjanda hökümeti tankytlany üçin tussag edilen wyždan ýesirlerini boşatmagy talap edýär.

Amnesty International Azerbaýjandaky daşary ýurt maýa goýumlarynyň ýarpysyndan gowragynyň Britaniýa degişlidigini belledi.

XS
SM
MD
LG