Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýanukowiç ylalaşygy gorap çykyş etdi


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Kiýewiň Moskwa bilen ylalaşan ýardam beriji ylalaşygyny gorap çykyş etdi. Ol munuň Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine integrasiýa planlaryna çapraz düşmeýändigini hem belledi.

Ýöne ol muňa garamazdan, Kiýewiň Russiýanyň howandarlygyndaky “Gümrük Bileleşigine” goşulmak baradaky dokumentleri gözden geçirýändigini aýtdy. Ýanukowiç bu barada penşenbe güni geçiren metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

Ýanukowiçiň sişenbe güni Moskwa eden sapary döwründe Russiýa Kiýewe 15 milliard dollarlyk karz pul bermegi we Ukrainanyň Russiýadan satyn alýan gazynyň bahasynyň üçden iki bölegini tölemegi teklip etdi.

Ukrainanyň premýer-ministri Mikola Azarow ylalaşygy “taryhy” diýip atlandyryp, onuň ýurduň ykdysady ösüşini janlandyrjakdygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG