Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz-täjik serhedi ýapyklygyna galýar


Gyrgyz-täjik araçägindäki dawaly territoriýada ýerleşýän bir çaýhananyň otlanandygy barada çykan habarlardan soň, serhediň ugrundaky birnäçe ýollar ýapyklygyna galýar. Otlanan bu çaýhana gyrgyz milletli adama degişlidi.

Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Tokon Mamytow Täjigistanyň Isfara etrabynda ýerli gyrgyz we täjik resmileriniň arasynda geçirilýän gepleşiklere gatnaşmak üçin penşenbe güni gürrüňi edilýän sebite gitdi.

Bu waka Täjigistanyň serhet gullukçylarynyň iki gyrgyz raýatyny boşatmagyndan bir gün soň bolup geçdi. Olar ýekşenbe güni serhedi bikanun geçmekde aýyplanyp, tussag edilipdiler.

Duşenbe güni gyrgyz hökümeti Täjigistandan serhetleri kesgitlemek boýunça 24-nji dekabrda gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmegi sorady.

Şu ýylyň dowamynda gyrgyz we täjik serhedinde ençeme çaknyşyklaryň bolandygy barada habar berilipdi.
XS
SM
MD
LG