Sepleriň elýeterliligi

AI: Siriýada "Al-Kaýda" adamlary gynaýar


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasynyň täze ýaýradan raportynda Siriýada iş alyp barýan “Al-Kaýda” hereketi bilen ilteşikli söweşiji toparyň ýurduň gizlin türmelerinde adam gynamalaryny, gamçylamalaryny we toparlaýyn adam öldürmelerini amala aşyrýandygy aýdylýar.

On sekiz sahypalyk raportda “Amnesty International” guramasy Siriýada ýedi türmäniň adyny agzap geçýär. Bu türmeler ýurduň Aleppo we Al-Rakka welaýatlarynda ýerleşip, olar ISIS, ýagny “Lewanta” we “Yrak yslam döwleti” atly söweşiji topar tarapyndan dolandyrylýar, diýlip guramanyň raportynda bellenilýär.

“Amnesty International” guramasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça müdiri Filip Lýüter “gürrüňi gidýän topar tarapyndan alnyp gaçylanlaryň arasynda sekiz ýaşyndaky çagalaryň hem bardygyny aýdýar.

Gürrüňi edilýän gurama ISIS, ýagny Lewanta we Yrak yslam döwleti atly söweşiji toparyna we uruş jenaýatlaryny amala aşyrmaga dahylly ýaragly toparlara ugradylýan ýaraglary we beýleki kömekleri böwetlemek üçin halkara jemgyýetine takyk ädimler ätmäge çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG