Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Delegasiýa ýurduň dürlüligini görkezýär


Ak tam Soçide geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryna ugradyljak ABŞ-nyň delegasiýasy ýurduň dürlüligini görkezýär diýdi.

Ak tamyň metbugat wekili Jeý Karneý bu delegasiýanyň düzümi Russiýanyň gomoseksuallar baradaky çärelerine garşy golastyndan edilen bir hereket däldigini aýtdy.

Delegasiýanyň düzüminde öňki tennis ýyldyzy Billi Jean King we beýleki açyk gomoseksual türgenler bolar. Emma delegasiýanyň düzüminde prezident, wise-prezident ýa-da prezidentiň aýaly bolmaz. Şeýle ýagdaý 2000-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýüz berdi.

Prezident Wladimir Putin Russiýany dabaralandyrmak üçin Soçi olimpiadalaryna köp wagt we pul sarp etdi. Muňa garamazdan, onuň hökümeti ýurtda adam hukuklarynyň ýetmezçiligi we gomoseksuallygy propaganda etmegi gadagan edýän kanun babatynda güýjeýän halkara tankytlary astynda galýar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Fransiýanyň we Germaniýanyň baştutanlary ýaly fewral aýynda Soçide geçiriljek gyşky olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmaz.
XS
SM
MD
LG