Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


"Twitter" sosial ulgamynyň logotipi
"Twitter" sosial ulgamynyň logotipi
“VKontakte”

Geçen hepde “VKontakte” sosial ulgamynda başlangyç synp okuwçysynyň tans edýändigini görkezýän wideoýazgy sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir.

Bu wideo “BIZ Group Türkmenistan” topary tarapyndan 16-njy dekabrda paýlaşylypdyr. Ol jemi 318 sapar halanypdyr we 86 sapar hem gaýtadan paýlaşylypdyr. Şeýle-de bu wideoýazga jemi 30 teswir gelip gowşupdyr.

Wideoda başlangyç klasda okaýan oglanjygyň üýtgeşik şekilde tans edýändigi görünýär. Oglanjygyň tansyny halap, Leýli Ataýewa, Kemal Mämmedow, Arslan Rahmanow ýaly agzalar teswir galdyrypdyrlar.

Twitter

Twitter sosial ulgamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygy mynasybetli ýazylan tweetler göze ilýär. Bu sosial ulgamyň Azadik, Mährijemal atly agzalary, ”Emekdep”, ”Türkmençe Ýaz” ýaly toparlary Bitaraplyk baýramçylygyny gutlap, tweet paýlaşypdyrlar.

Ondan başga-da, ”Emekdep” toparynyň meşhurlygy hem barha artýar. Olaryň arasynda “#Mugallymlar, Okuwçylaryňyzda her bir meseläni sowukganly, pähim-paýhasly çözmek häsiýetlerini terbiýeläň” diýen tweeti, şeýle-de “Eger durmuşda bir lukman ýalňyşlyk etse, bir adamyň durmuşyna zyýan ýetirip biler, emma mugallym tutuş jemgyýetiň aňyna täsir edip biler” diýen tweetler bar.

“Ertir.com”

“Ertir.com-da” Mähriban Jumaýewanyň “Günümiziñ möhüm meselesi: Ahlak” atly temasy sosial ulgamyň okyjylarynyň arasynda uly gyzyklanma döreden temalaryň biri.

15-nji dekabrda gozgalan bu tema 17-nji dekabra çenli jemi 827 sapar okalypdyr we oňa 75 teswir gelip gowşupdyr. Şeýle-de bu tema 47 sapar hem halanypdyr.

Bu mowzukda temany ýazan agzanyň mekdep döwri obadan şähere göçüp gaýdyşy suratlandyrylýar. Şeýle-de temada şäher mekdebi bilen oba mekdebiniň arasyndaky tapawut, şäherli we obaly gyzlaryň terbiýesindäki, özüni alyp barşyndaky aýratynlyklar beýän edilýär.

Bu tema teswir galdyran Ýomutjan atly agza şeýle sorag beripdir: “Ohooo! Bular, çyndanam, seniň başdan geçirenleriňmi?”

Begmyratkaka atly beýleki bir agza bolsa: “Ýaş gyzlar ýalňyşaýýarlar-da. Gynanýan. Dogrudanam, biz oglanlar ''zaýalaýas'' köp gyzy. Gyz diýeniňem ynanjaňrak, gowşagrak bolansoň, aldanýar-da. Aý, ýöne haýsynyñ ýüzüni ýuwjagyňam biler ýaly däl. Gyzam özüne bek bolmaly” diýip, gozgalan mesele boýunça öz pikirini gysgaça, ýöne düşnükli aýan edipdir.

Deň-duşlar, eger siz hem bu temany okap, öz teswirleriňizi, garaýyşlaryňyzy galdyrmak isleseňiz, onda “Ertir.com-da” bu tema boýunça pikir alşyk heniz hem dowam edýär.
XS
SM
MD
LG