Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ukraina, Eýran, Snowden barada çykyş etdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin dört sagatlyk metbugat konferensiýasynda gozgalan temalaryň arasynda Ukraina, gyşky Olimpiada, Eýranyň ýadro programmasy we Edward Snowden bilen bagly meseleler barada öz pozisiýasyny mälim etdi. Putiniň penşenbe günki bu metbugat-konferensiýasyna 1 000-den gowrak orsýetli hem daşary ýurtly žurnalist gatnaşdy.

Şu hepdäniň başynda Ukraina 15 milliard dollar möçberindäki karz puly teklip eden we Ukraina satylýan gazyň bahasynyň üçden bir bölegini azaldan Putin bu çäreler bilen “ukrain halkynyň bähbitleriniň” nazara alnandygyny belläp, munuň Kiýewiň ÝB bilen assosiasiýa ylalaşygyna gol çekmek meselesi bilen bagly däldigini aýtdy.

Ukraina we raketalar

Putin Ukrainany “doganlyk ýurt” diýip atlandyrdy. Putiniň öz sözi bilen aýdylanda, Ukraina kyn döwürleri başdan geçirýärkä, Orsýet öňa “ýakyn garyndaşy hökmünde” goldaw bermek kararyna gelipdir.

Putin Orsýetiň Ukrainadan hiç zady talap etmeýanigini belledi.

Şeýle-de Putin Orsýetiň Baltika regionynda ýerleşýän günbatar bölegi bolan Kaliningradda ýakyn distansiýalara niýetlenen ”Iskander” raketalaryny ýerleşdirmegi bilen bagly maglumatlary kommentirledi.

Putin ABŞ-nyň Ýewropada ýerleşdirýän Raketadan goranyş sistemasynyň Orsýet üçin we ýurduň ýadro potensialy üçin howp döredýändigini aýtdy we Kaliningradda ”Iskander” raketalarynyň ýerleşdirilmeginiň muňa reaksiýalaryň biridigini mälim etdi.

Putin bu meselede sabyrlylygy saklamaga çagyrdy we Kremliň Kaliningradda raketalary ýerleşdirmek barada entek gutarnykly karara gelmändigini belledi.

Eýran, Snowden we Olimpiada

Putin ABŞ-nyň gizlin gulluklarynyň öňki işgäri Edward Snowdeniň gizlin maglumatlary ýaýratmak bilen “ajaýyp iş” edendigini aýtdy, emma Snowdeniň ýolunyň “örän kyn” boljaga meňzeýändigini belledi.

Ýetip gelýän gyşky Olimpiýa oýunlary barada sözlän sözünde Putin ähli sportsmenler üçin deň şertleriň dörediljegini wada berdi.

Şu ýylyň başynda Orsýetde kabul edilen kanun seksual azlyklar barada maglumat berilmegini gadagan etdi we şeýle maglumatlary adaty bolmadyk jynsy gatnaşyklaryň “propagandasy” diýip atlandyrdy.

Bu kanun Soçide geçiriljek Olimpiada oýunlarynda geý sportsmenleriň we tomaşaçylaryň kemsitmelere sezewar edilmegi baradaky aladalanmalary döretdi.

Eýran babatynda aýdylanda, Putin ýurduň ýadro programasynyň daşyndaky aladalanmalary gowşatmak boýunça halkara jemgyýetçiliginiň hem Tähranyň arasynda gelnen wagtlaýyn ylalaşykda ABŞ-nyň alyp baran roluny makullady, emma Eýrana garşy sanksiýalary berkitmek barada gepleşikleri dowam etdirmegiň netijesiz karar boljagyny belledi.

Şeýle-de Putin “Greenpeace” guramasynyň 30 aktiwistiniň sentýabr aýynda Orsýetiň Arktikadaky nebit platformasynda tussag edilmeginiň “şeýle işi etmekçi bolan her bir adama sapak boljagyny” umyt edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG