Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiý türmeden boşadyldy


Orsýetli öňki oligarh Mihail Hodorkowskiý özüniň saklanan Kareliýa regionyndaky türmäni terk etdi. Bu barada Hodorkowskiniň aklawçysy we resmiler habar berdiler.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öňki oligarh Mihail Hodorkowskini boşatmak barada permana gol çekdi. Putin Hodorkowskiniň günäsini geçmekçidigini penşenbe güni Moskwada geçirilen metbugat-konferensiýasynda mälim etdi.

Putin Hodorkowskiniň ynsanperwerlik esasynda boşadylýandygyny, sebäbi onuň ejesiniň keseldigini belledi.

Dargadylan Ýukos nebit kompaniýasynyň baştutany Mihail Hodorkowskiniň aklawçylary öz müşderisiniň günäsiniň geçilmegini soramandygyny aýtdylar.

Hodorkowskiý 2003-nji ýylda Orsýetiň syýasatynda aktiw rol oýnap başlamagynyň yzýany tussag edilipdi we 2005-nji ýylda salgytdan gaçmak aýyplamalary esasynda türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Hodorkowskiý 2010-njy ýylda ikinji gezek sud edilip, puly bikanun sowmakda aýyplanypdy. Onuň tussaglygynyň resmi möhleti 2014-nji ýylyň awgust aýynda tamamlanýar. Hodorkowskiniň tarapdarlary onuň tussaglygynyň syýasy sebäpler bilen bagly bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG