Sepleriň elýeterliligi

Gurban Berdiýew işden boşadyldy


Tatarstanyň “Rubin” futbol klubynyň baş treneri Gurban Berdiýew wezipesinden çetleşdirildi.

Bu barada Tatarstanyň prezidenti Rustam Minnihanowyň metbugat gullugyna salgylanyp Orsýetiň habar agentlikleri maglumat ýaýratdylar. Bu karara anna güni Minnihanowyň “Rubin” komandasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynyň yzýany gelinipdir.

Orsýet metbugatyna görä, 61 ýaşly Gurban Berdiýewiň wezipesinden çetleşdirilmegine Orsýetiň komandalarynyň arasynda üstünlikleri boýunça 10-njy ýerde durýan “Rubinyň” kanagatlanarsyz bu netijeleriniň sebäp bolan bolmagy ähtimal.

Habar berilişine görä, su hepdäniň sişenbe güni Rustam Minnihanow “Rubinyň” trenerlerini we futbolçylaryny berk tankyt edipdir we olaryň görkezen netijelerini “masgaraçylyk” diýip atlandyrypdyr. Şeýle-de “Rubin” komandasynyň baş müdiri A.Gromow we wise-prezidenti Kamil Ishakow bilen hem şertnamalar ýatyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG