Sepleriň elýeterliligi

ÝB Ukraina barada maslahat edýär


Ýewropa Bileleşiginiň liderleri anna güni Brusselde geçirilýän sammitde Ukrainanyň ÝB bilen assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrmagynyň netijelerini maslahat edýärler.

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň noýabr aýynyň aýagynda ÝB bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrmagy ukrain hökümetine garşy protest aksiýalary tutaşdyrypdy.

Ukrain resmileri ylalaşyk baglaşmak üçin ÝB-niň ýeterlik maliýe kömegini teklip etmändigini aýtdylar. Şu hepdede Ukrainanyň hökümeti Orsýetden 15 milliard dollarlyk karz aldy. Moskwa Kiýewiň ÝB bilen ylalaşyk baglaşmazlygy üçin oňa basyş edipdi.

ÝB eger Ukraina öz öňünde goýlan şertleri kabul etse onuň bilen söwda hem bileleşmek barada ylalaşyga gol çekmek teklibiniň güýjünde galýandygyny aýtdy. Assosiasiýa ylalaşygy Ukrainanyň ÝB-ne agza bolmagyna tarap möhüm ädim diýilip hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG