Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

El sütemi, dil sütemi


Aýal-gyza edilýän sütemi görkezýän surat
Aýal-gyza edilýän sütemi görkezýän surat
Soňky döwürde aýal-gyzlara edilýän zorluklar bilen bagly elhenç habarlar çykdy. Olaryň biri Owganystana degişli. Bu ýerde bir zenanyň, adamsynyň gyzyl şaý-seplerini satmak baradaky buýrugyny ýerine ýetirmändigi üçin adamsy tarapyndan burny we dodagy kesilipdir.

Bir-iki günlükde bolsa Orsýetde ýaşaýan gyrgyz zenanyna öz ildeşleri tarapyndan sütem edilýändigi hakynda sosial ulgamlarda wideo ýazgy peýda boldy. Ol gyrgyz milletine ysnat getirmekde günälenip, urlup, ýenjilýän wagty yazga düşürilipdir.

Eýsem, türkmen jemgyýetinde aýal-gyzlara hormat-sylag meselesi nähili? Olaryň öz ýakynlary ýa-da başga erkekler tarapyndan urlup-ýenjilýän halatlary bolýarmy? Bolýan bolsa, bu nähili ýagdaýlarda ýüze çykýar? Zenanlara dil ýetirmek, olary kemsitmek nähili ýagdaýda? Şeýle zatlara ýaşlar nähili garaýar?

Nobatdaky Täze Tolkun gepleşigimizde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky tejribeleriňizi, gören-eşidenleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.

Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG