Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýewiň öňki giýewi şübhe astynda


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň öňki giýewi Rahat Aliýew 2006-njy ýylda bolan iň uly syýasy adam öldürmeler bilen baglylykda şübhe astyna alyndy.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň we ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçisi Jon Ordwaýyň anna güni mälim etmeklerine görä, Altynbek Sarsenbaýulynyň ölümi boýunça jenaýat işi gaýtadan prokuraturanyň garamagyna tabşyrylypdyr, Federal derňew býurosynyň ýalançylygy kesgitleýji synagynyň netijesinde Aliýewiň Sarsenbaýewi urmak buýrugyny bermeginiň anyklanmagy muňa sebäp bolupdyr.

Atylyp öldürilen Sarsenbaýulynyň we ýene iki adamyň jesedi 2006-njy ýylyň fewral aýynda Almatynyň golaýynda tapylypdy. Munuň bilen baglylykda Gazagystanyň parlament apparatynyň öňki ýolbaşçysy Erzhan Otembaýew adam öldürmekde günäli tapylyp 20 ýyl tussaglyga höküm edilipdi.

Bu hadysalaryň bolan döwründe Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň orunbasary bolan Aliýew 2007-nji ýyldan soň Ýewropada ýaşapdy.
XS
SM
MD
LG