Sepleriň elýeterliligi

Fillipinler: Şäher häkimi atylyp öldürildi


Fillipinler döwletiniň paýtagty Manilanyň halkara aeroportunda anna güni dört adam, şol sanda şäher häkimi atylyp öldürildi we ýene dört adam ýaralandy.

Resmileriň aýtmagyna görä, polisiýanyň geýimine geýnen motorly hüjümçiler 3-nji terminaldan çykan Ukol Talumpany we onuň aýalyny oka tutupdyrlar. Talumpa ýurduň gündogar böleginde ýerleşýän dartgynly Mindanao regionynyň Labangan şäheriniň häkimidi.

Häkim we onuň aýaly aeroportyň golaýynda ýerleşýän keselhana barandan soň aradan çykypdyr. Ýaralananlardan ýene iki adam, şol sanda 18 ýaşly ýigit hem aradan çykypdyr. Ýaragly hüjümçilere gaçmak başardypdyr. Häkimiýetler bu hüjümiň sebäpleri boýunça derňew geçirilýändigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG