Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mihail Hodorkowskiý Berline bardy


Mihail Hodorkowskiý Berline bardy, bu barada Germaniýanyň daşary işler ministrligi habar berdi.

Kremliň ýiti tankytçysy orsýetli öňki oligarh Mihail Hodorkowskiý Kareliýada tussaglykda oturan türmesinden anna güni irden boşadyldy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Hodorkowskiniň günäsini geçmekçidigini penşenbe güni Moskwada geçirilen metbugat-konferensiýasynda mälim edip, Hodorkowskiniň ynsanperwerlik esasynda boşadylýandygyny, sebäbi onuň ejesiniň keseldigini belläpdi.

Türme resmileri Hodorkowskiniň Germaniýa gidip, ejesi bilen bolmak üçin rugsat sorandygyny aýtdylar.

Hodorkowskiý salgytdan gaçmak we puly bikanun sowmak ýaly jenaýatlarda aýyplanyp, 10 ýyldan gowrak wagtyny türmede geçirdi. Ol özüne ýöňkelen günäleri ret etdi. Hodorkowskiniň işi boýunça prosese onuň oppozisiýany maliýe taýdan goldandygy üçin Kremliň jezasy hökmünde garalýar.
XS
SM
MD
LG