Sepleriň elýeterliligi

S.Nyýazowyň ýogalanyna 7 ýyl boldy


Türkmenistanyň ozalky prezidenti S.Nyýazow (ortada), ozalky saglyk ministri G.Berdimuhamedow (sagda) we türk biznesmeni A.Çalyk (çepde). Aşgabat.

Türkmenistanyň ozalky prezidenti S.Nyýazow (ortada), ozalky saglyk ministri G.Berdimuhamedow (sagda) we türk biznesmeni A.Çalyk (çepde). Aşgabat.

Türkmen lideri isleýänleri ozalky prezident S.Nyýazowyň mazaryna zyýarat etmäge çagyrdy.

Prezident G.Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda 21-nji dekabrda ýurtda Türkmenistanyň ilkinji perzidenti S.Nyýazowyň ýatlama gününiň bellenip geçilýändigini aýtdy diýip, TDH ýazýar.

"Türkmenistanyň ilkinji prezidentiniň bitiren beýik hyzmatlary halkymyzyň hakydasynda hem ebedi galar. Ine, şoňa görä-de, bu ajaýyp ynsanyň ýagty ýadygärligini hatyralamak, onuň kümmetine zyýarat etmek isleýänleriň ählisi ertir Gypjaga baryp hem zyýarat edip bilerler" diýip, prezident Berdimuhamedow aýtdy.

G.Berdimuhamedow prezident saýlananda S.Nyýazowyň ýoluny dowam etdirmegi wada berdi, emma soň ozalky prezidentiň bilim syýasatyna we beýleki käbir ugurlara, hususan-da pensiýadaky adamlara, harby pudaga, ylmy edaralara degişli kararlara üýtgeşme girizdi.

Eýsem Türkmenistanda S.Nyýazowyň mirasyna nähili garalýar?

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanow bu soragy ýerli synçy Ýaýlym Begowa berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG