Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýa: bombaçy 45 ýyl aldy


Bosniýada bir sud yslamçy jeňçini ganly bomba hüjümi sebäpli 45 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Bu Bosniýada terrorçylyk üçin berlen iň uzak türme möhletidir.

Haris Kausewiç anna güni 2010-njy ýylyň iýunynda merkezi şäher Bugojnodaky polisiýa stansiýasynyň arkasynda bomba goýmakda we ýaramakda günäli tapyldy. Şonda bir polisiýa ofiseri ölüp, başga birnäçesi ýaralanypdy.

Kausewiç yslamyň Wahhabi akymyna eýeriji bolup, bu iş boýunça esasy güman edilýän adam hasaplanýar. Beýleki bir güman edilýän adam bolsa, subutnamanyň ýokdugy üçin aklanyldy. Emma üçünji güman edilýän adam ozal 14 ýyl tussaglyga höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG