Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Hodorkowskiniň boşadylmagyny gutlaýar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ozalky «Ýukos» kompaniýasynyň nebit tütjary Mihail Hodorkowskiniň günäsini geçip, türmeden boşatmagyny gutlady.

Kremliň tanymal tankytçysy bolan Hodorkowskiý Putiniň «ynsanperwerçilik esaslaryndaky» günä geçmesinden soň Kareliýa sebitindäki türmeden boşadyldy. Ol anna güni giçlik Germaniýanyň paýtagty Berline geldi.

50 ýaşyndaky Hodorkowskiý, salgyt tölemekden gaçmakda we ogurlykda günäli hasaplanyp, on ýyldan gowrak türmede oturdy. Kerriniň ýazmaça beýanatynda Waşingtonyň prosessual bidüzgünçilikler we adamlary, şol sanda Hodorkowskini we onuň biznes partnery Platon Lebedewi saýlap jogapkärçilige çekmek babatda birnäçe gezek alada bildirendigi aýdylýar. Lebedew henizem türme otyr.

Beýanatda Waşingtonyň Orsýete sud reformalaryny geçirmegi berk maslahat berýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG