Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk polisiýasy ministrleriň ogullaryny tutdy


Türkiýäniň polisiýasy uly korrupsiýa derňewiniň çäginde 16 adamy, şol sanda iki ministriň ogullaryny, döwlet eýeçiligindäki «Halkbankyň» baş menejerini tussag etdi.

"CNN Turk" we beýleki habar serişdeleri şenbe güni tussag edilen adamlar hakynda habar berdiler. Hökümet bu derňewiň syýasy äheňlidigini, ýagny ýerli saýlawlaryň we prezident saýlawlarynyň öňünden jemgyýetçilikde ýolbaşçylara bolan ynamy peseltmek üçin geçirilýändigini aýdýarlar.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan bu derňewe Ankaradaky polisiýa bölümleriniň 14 ýolbaşçysyny, şol sanda penşenbe güni Stambul polisiýasynyň başlygyny işinden aýyrmak bilen gaýtawul berdi.

Bu derňew, Eýrana gymmatbaha metallary eksport etmekligiýe garşy girizilen halkara sanksiýalaryna garamazdan, türk döwletiniň Eýrandan gelýän energiýa üçin edýän tölegleriniň ýaşyrynlykda altyna öwrülip, Dubaýyň üsti bilen Eýrana getirilýändigi barada aýdylýanlary nazara alýar.
XS
SM
MD
LG