Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda bankirlere käýinç berildi


Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow käbir kadrlaryň ýerini çalyşdy.

Prezidentiň kararyna görä, Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministrligine Kakageldi Gurbanow bellenip, ozal ministriň wezipesini ýerine ýetiren Atamyrat Rejebow ministriň orunbasarlygyna bellendi. Ministriň orunbasary Guwanç Berdiýew bolsa, «işde goýberen kemçilikleri üçin» diýlip işden boşadyldy. Türkmenistanyň Döwlet azyk senagaty birleşiginiň başlygynyň orunbasarlygyna bolsa Kuly Kulyýew bellendi.

Şeýle-de, perzidentiň karary bilen, wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Merkezi bankyň başlygy T. Japarowdan başlap, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň, Döwlet daşary ykdysady işler bankynyň, döwlet täjirçilik banky bolan «Prezidentbankyň», «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň, «Garagum» bankynyň, «Halkbankyň», «Daýhanbankyň», «Türkmenbaşy» bankynyň ýolbaşçylaryna berk käýinç berildi.

Prezident bank ýolbaşçylaryny baýramçylyk senelerine gabatlap özlerine uly möçberde pul sylaglaryny ýazmakda aýyplady we ol pullaryň yzyna berilmegini talap etdi.
XS
SM
MD
LG